Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 10.12.2020
1073

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň: - 2021-nji ýyl üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň Meýilnamasy hakynda Çözgüdine; - Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda Çözgüdine; - Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasy hakynda Çözgüdine; - Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň hem-de medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly –Milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakynda Çözgüdine Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow