Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Syýasy habarlar
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Çap edildi 03.02.2021
2058

Şu gün Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2016-njy ýylda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Birinji Ählumumy maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy. 

Umberto de Prettonyň belleýşi ýaly, IRU Türkmenistanda kuwwatly döwrebap düzümleri gurmak bilen birlikde, halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli hereket etmeginiň ýokarlandyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça hem amala aşyrylýan giň gerimli işleri goldaýar. 

Şunuň bilen baglylykda, taraplar BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň we IRU-nyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler, bu bolsa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen degişli resminamalaryň öňe ilerledilmeginde öz beýanyny tapdy.

Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe durnukly halkara gatnawlaryny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny durmuşa geçirmek babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

IRU-nyň Baş sekretary Lazurit (Lapis Lazuli) geçelgesiniň, şeýle hem  Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça beýleki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň iş ýüzünde peýdalanmagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi. 

Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Şu gün Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi. 

Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň döwletimiz suw serişdelerini goramak we ondan rejeli peýdalanmak, bu ýagdaýlar bilen gönüden-göni bagly bolan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak wezipelerini çözmek işinde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda işjeň orny eýeleýär. 

Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we degişli resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, bu ulgamda birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz suw we ekologiýa diplomatiýasyny öňe ilerletmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ýörelgeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. 

Bitarap Türkmenistan suw meselelerine garalmagyna we bu meseleleriň çözülmegine umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalary, özara hormat goýmagyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda we abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagynda yzygiderli çykyş edýär.  

Biziň ýurdumyz Aral meselesiniň çözülmeginde hem başlangyçlar bilen çykyş etmek ornuny eýeleýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurdaky meseleleriň wajyplygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden çykýar. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda öz beýanyny tapdy. 

Şunuň bilen baglylykda, iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu sebitde suw hzojalygynyň, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilip, öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar. 

Bu maksatlar Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy. 

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral sebitinde ykdysady ösüşiň, durmuş abadançylygynyň we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagynyň suw serişdelerine elýeterlilik, oba hojalygynda olaryň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylyşynyň üpjün edilmegi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny belläp, bu ugurda oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar. 

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow