Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
YHG-nyň Baş sekretary türkmen Liderine Guramanyň 14-nji Sammitine gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi
Syýasy habarlar
YHG-nyň Baş sekretary türkmen Liderine Guramanyň 14-nji Sammitine gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi
Çap edildi 13.03.2021
2342

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

2021-nji ýylyň 4-nji martynda “COVID-19-dan soňky döwürde Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” diýen at bilen geçirilen YHG-nyň XIV Sammitine gatnaşandygyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek mende örän uly kanagatlanma döredýär. Men sammitiň dowamynda Siziň Alyhezretiňiz tarapyndan beýan edilen pikirlere we möhüm teswirlemelere ýokary baha berýärin. YHG öz geljekki işlerinde şolardan ugur alar diýip pikir edýärin.

Şeýle hem şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-nyň täze başlygy wezipesine girişmegi bilen mübäreklemek we gutlamak isleýärin. Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde hem-de Siziň Alyhezretiňiziň ýakyndan ýardam bermeginde YHG-nyň ara alnyp maslahatlaşylmaly iri meselelere gatnaşyp, sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, bilelikde amala aşyryljak netijeli strategiýalary we çözgütleri işläp taýýarlajakdygyna ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňiziň parasatly baştutanlygynda Izmir şertnamasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine, şeýle hem YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýşynda beýan edilen ösüş maksatlaryna laýyklykda, sebitde köpçülikleýin hal-ýagdaýyň hem-de durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbitlerine ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, YHG-nyň Türkmenistana gatnaşygynyň tüýs ýürekdendigini tassyklamaga rugsat ediň! Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň goldamagynda YHG-nyň sebitde rowaçlygy we gülläp ösüşi gazanmaga tarap mundan beýläk-de öňe hereket etjekdigine ynam bildirýärin.

Şeýle hem men mümkinçilikden peýdalanyp, ajaýyp waka — Nowruz baýramy bilen baglylykda mähirli arzuwlarymy ýetirýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hadi Süleýmanpur,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow