Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň wekilleri UNESCAP guramasynyň howandarlygynda geçirilen foruma gatnaşdylar
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň wekilleri UNESCAP guramasynyň howandarlygynda geçirilen foruma gatnaşdylar
Çap edildi 23.03.2021
6835

Türkmenistanyň  Maliýe we ykdysadyýet  ministrliginiň wekilleri wideoaragatnaşygy arkaly Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygynda  Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş maksatlary  boýunça VIII foruma gatnaşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew,  şeýle hem ministrligiň käbir müdirlikleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

 Her ýyl geçirilýän hökümetara forum  Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti  ýurtlaryna Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde  goldaw bermek,  sebit ýörelgelerini, jebisleşmegi ýüze çykarmak we tejribe alyşmak üçin meýdança bolup durýar.

 Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew forumda çykyş edip, Türkmenistanda  alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.  Hususan-da, geçirilen işleriň jemleri boýunça 17 maksatdan, 136 wezipeden we 180 indikatordan ybarat degişli sanawyň tassyklanandygy nygtaldy.

2019-njy ýylda Nýu-Ýorkda (ABŞ) Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda geçirilen Ýokary derejeli syýasy forumda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy boýunça  Türkmenistanyň Meýletin milli Syny bilen tanyşdyryldy. R.Nurýagdyýew Meýletin milli Syny taýýarlamak boýunça geçirilen işiň Türkmenistanda gazanylan ösüşe baha bermäge, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geljekki çäreleri bellemäge mümkinçilik berendigini nygtady.

COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly emele gelen çökgünlik ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden Türkmenistanyň  Hökümetiniň pandemiýanyň  ykdysady we durmuş  täsirini ýeňilleşdirmek boýunça netijeli çäreler  toplumyny durmuşa geçirendigi bellenildi.

Oňyn we özara gyzyklanma ruhunda geçen foruma gatnaşanlar pikir alyşdylar hem-de forumyň gün tertibine girizilen meseleleri çözmeklige integrirlenen çemeleşmä islegi beýan etdiler. 

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow