Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Jemgyýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Çap edildi 24.03.2021
4597

Şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “Armenpress” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Çärä türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri wekilçilik etdiler.

Metbugat maslahatynyň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny jebisleşdirmek, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň mümkinçiliklerini giňeltmek barada pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara bileleşik tarapyndan goldanylmagynyň türkmen Bitaraplygynyň häzirki döwrüň dünýä syýasatynda netijelidiginiň hem-de wajypdygynyň subutnamasy bolandygyny biragyzdan tassykladylar.

Ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik hem-de diplomatiýa merkezi hökmündäki wezipesi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen däp-dessury, medeni däpleri, dünýägaraýşy hem-de milli ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Çykyş edenler Bitarap Türkmenistan döwletiniň tutuş dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda işjeň çykyş edýändigini hem-de şu tagallalaryň halkara bileleşigiň goldawyna eýe bolýandygyny bellediler.

Ýurdumyzyň dünýäniň iri maglumatlar hem-de teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly, halkara maglumatlar giňişligine goşulyşmagy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Soňky ýyllarda dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri habarlar agentlikleri hem-de teleradioýaýlymlar kompaniýalary bilen baglaşylan hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklar we Ähtnamalar munuň subutnamasydyr. Türkmenistan baradaky täzelikleri ýaýratmakda Hytaýyň “China Daily” media-holdingi, “CCTV”, Russiýanyň TACC Merkezi döwlet habarlar agentligi, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň neşir edýän “Международная жизнь” žurnaly, Belarusuň “BELTA” habarlar agentligi, “AzerTAj” hem-de “Trend”, “Kazinform”, “UzA” we beýlekiler TDH-niň resmi hyzmatdaşlary boldular.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň doly hukukly agzasydyr. “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy we Türkiýe Respublikasynyň teleradioýaýlymlar guramasy bilen ylalaşyk baglaşylandan soň, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini şöhlelendirmek işi giň gerime eýe boldy. Italiýanyň “RAI” teleradiokompaniýasy, Germaniýanyň “ARTE” teleýaýlymy, Russiýanyň hem-de beýleki daşary ýurt teleýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki ösüşi, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy baradaky ygtybarly maglumatlaryň dünýä köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Metbugat maslahatyna gatnaşyjylar maglumatlary alyşmak, usulyýet onlaýn okuwlaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleri giňden beýan etmek babatdaky bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky habarlar
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
10.04
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylary bellenildi
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
top-arrow