Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna garaldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna garaldy
Çap edildi 25.03.2021
5227

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň sekizinji mejlisi geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, rus tarapyna -- Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary D.Wolwaç ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna garaldy.

Şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy. Senagat, energetika, maliýe ulgamlarynda, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň maliýe düzgünleşdirijileriniň we täjirçilik banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de beýleki ulgamlarda özara söwdany we özara hereketleri kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Mejlisiň jemi boýunça Teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow