Baş sahypa
\
Sport
\
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
Sport
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy
Çap edildi 27.07.2021
22107

Şu gün Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler.

Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň iberilendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Milli Liderimiziň Ýüzlenmesinde mähriban türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, eziz Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine uly ynam bildirilýär.

Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyzyň üstünlikleri barada ýatlasak, 2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda gazanylan altyn medal, 2018-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanylan bürünç medal barada aýtmak gerek. P.Gurýewa ýene-de iki sany uly ýaryşda — 2019-njy ýylyň aprelinde Fiji Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Şu gün bolsa ol ilkinji ýaryşdan — ştangany silkip götermek boýunça bäsleşikden soň, 96 kilogram gazanan netijesi boýunça fransiýaly Dora Çakunte bilen ikinji-üçünji orunlary paýlaşdy. Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni üç synanyşygyň hemmesini şowly tamamlap, 116 kilogram, 119 kilogram we 121 kilogram agram derejelerindäki ştangalary götermegi hem-de tälimiň bu görnüşinde milli rekordy täzelemegi başardy. Şeýle hem P.Gurýewa Türkmenistanyň rekordyny — 217 kilogram agram derejesindäki rekordy gazanyp, öz ozalky üstünligini 6 kilogram derejede gowulandyrdy.

Netijede, türgen gyzymyz ýaryşda üçünji orny eýelän Ýaponiýanyň wekili Mikiko Andodan öňe geçmegi başardy (silkip götermek — 94 kilogram, itekläp götermek — 120 kilogram). Bu agram derejesinde ştangany silkip götermekde (103 kilogram), itekläp götermekde (133 kilogram) hem-de iki görnüşde (236 kilogram) üç sany olimpiýa rekordlaryny gazanan dünýäniň dört gezek çempiony, dünýä rekordlarynyň 12-siniň eýesi Kuo Sin-Çžun (Hytaý Taýpeýi) birinji orny eýeledi.

Ýeri gelende aýtsak, türgen gyzymyz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talybydyr. Ol sport ýoluna A.Saryýewiň halypalyk etmeginde başlap, häzir milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi A.Emirýanyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy hem-de sporta aýratyn üns bermegi netijesinde, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şäherlerdir obalarymyzda döwrebap sport-sagaldyş toplumlary hem-de halkara ölçeglere laýyklykda üpjün edilen köpugurly stadionlar gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň hemmesi ykbalyny sporta baglan ýaşlarymyza sport derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de geljekde halkara ýaryşlarda ýurdumyza wekilçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, türgenlerimiziň dünýä derejesindäki sylaglar bilen janköýerlerini begendirmäge mümkinçilikleri bar. Ýakyn günlerde olar sportuň ýeňil we agyr atletika, şeýle hem suwda ýüzmek ýaly görnüşlerinde çykyş ederler.

Soňky habarlar
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
top-arrow