Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyjylara
Çap edildi 06.08.2021
677

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar! 

Gadyrly myhmanlar!

Sizi gojaman Hazaryň türkmen kenarynda — Awazanyň şypaly goýnunda geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna barha golaýlaýan günlerimizde asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan halklarymyz bilen bilelikde guralýan bu halkara festiwalyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.

Myhmansöýer türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine we özboluşly durmuş ýörelgesine öwrülen baý aşpezlik däpleri esasynda taýýarlanylýan milli tagamlarymyz hem edil beýleki milli gymmatlyklarymyz ýaly, dünýäniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşýar. Palaw, çelpek, köje, tamdyrlama, dograma ýaly datly tagamlarymyz diňe bir türkmen saçagynyň bezegi bolman, eýsem, güneşli Diýarymyza alysdan-ýakyndan gelýän myhmanlarymyzyň dilinden düşmeýän naz-u-nygmatlarymyzdyr. 

Türkmen halky dost-doganlyga, parahatçylyga, halklaryň agzybirligine aýratyn ähmiýet berýär. Çünki gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň ýaşaýan tebigy-geografik şertleri, maddy, medeni derejesi, aýratyn-da, milli tagamlarymyzda aýdyň görünýär.

Milli türkmen tagamlary köpasyrlyk taryhy ösüşiň miwesidir. Ol tagamlar köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, gadymy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň şeýlediginiň bu günki ajaýyp Awazanyň gözel künjeginde müdimilik goňşularymyz bilen bir supranyň başyna jemlenip geçirilýän täsin halkara festiwalyň dowamynda ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly dostlar!

Gadyrly festiwala gatnaşyjylar!

Bu giň möçberli halkara festiwal ata Watanymyzda mundan beýläk hem goňşy ýurtlarymyz bilen saçakly gatnaşyklarymyzyň hemişe goldanyljakdygynyň aýdyň görkezijisidir. Müňýyllyklaryň dowamynda aşpezlik sungaty täze tagamlar bilen üznüksiz baýlaşdyrylyp gelinýär. Köpasyrlyk taryhy bolan milli tagamlarymyz halkyň medeni derejesini açyp görkezmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanylýandygy üçin hem özboluşlylyga eýedir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ussat aşpezleriniň datly tagamlary taýýarlamak işindäki ýeten belent sepgitleriniň, olaryň ezber elleriniň döredýän gözellikleriniň, zehinleriniň ýitiliginiň açylyp görkezilmegi bu giň möçberli çäräniň ähmiýetiniň has hem artmagyna itergi berer. 

Hormatly adamlar! 

Gadyrly myhmanlar!

Türkmen milli tagamlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, maddy we medeni derejesi, dürli döwürlerde ýüze çykan özgerişleri hakda gymmatly maglumatlary özünde saklaýan ygtybarly çeşmedir.

Bu giň möçberli halkara çäräniň dowamynda türkmen we goňşy halklarymyzyň aşpezleri milli we dünýä aşhanasynyň täsin nygmatlaryny taýýarlamak boýunça tejribelerini paýlaşmaga we özara pikirleri alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Sizi ýene-de bir gezek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, saçaklarymyzyň berekedini artdyrmak, halklarymyzyň dost-doganlygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow