Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 12.08.2021
3058

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda oňyn netijelere beslenen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

Bu duşuşyk Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi bilen jemlendi. Onda bu forumyň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak işindäki ähmiýeti bellenilýär hem-de sebitiň ýurtlarynyň bilelikdäki başlangyçlary esasynda parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde sebit jebisleşigi ýene bir gezek tassyklanylýar.

Siziň başlangyjyňyz boýunça şanly forumyň — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň guralandygy üçin aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin. Zenanlaryň forumy biziň ýurtlarymyzyň gender deňligini üpjün etmek boýunça tejribe we gazanylan üstünlikleri alyşmak hem-de umumy bähbitlerimize kybap gelýän hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda zenanlaryň arasynda sebitleýin özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çärä öwrüldi.

Şeýle hem 6-njy awgustda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik duşuşygy hem-de dabaraly konserti Merkezi Aziýanyň halklarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de ruhy baýlygyny sazlaşykly beýan etdi.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň hemmesiniň gatnaşmagynda guralan bu örän möhüm waka, şeýle hem sammite gabatlanyp guralan ykdysady we medeni ähmiýetli ähli çärelere gatnaşmaga çakylygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň!

Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasy bilen Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň emele gelen derejesine ýokary baha berýärin.

Ýokary derejedäki konsultatiw duşuşygyň guralmagynyň hem-de geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylygyň we sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna örän möhüm goşantlarynyň biri bolandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Natalýa German,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň 

Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, 

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy 

boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow