Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Ykdysadyýet
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Çap edildi 16.08.2021
3956

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewürlerine boýalan tüýjümek önümler, float aýnasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 360 müň dollaryndan gowrak boldy.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 35 million 867 müň manatdan gowrak lukmançylyk maksatly serişdeleri we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 970 müň manatlyk Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen «Türkmenaglomerat» kondisiýasyz polipropileni we gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
20.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.06
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
20.06
1 million tonnadan gowrak ak bugdaý Watan harmanynda
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
top-arrow