Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen tälimçisiniň halkara synagy
Sport
Türkmen tälimçisiniň halkara synagy
Çap edildi 20.10.2016
2395

Ýewropanyň Söweş sungatlary merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Uden şäherinde (Niderlandlar) hanmudo boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow gatnaşdy. Ildeşimiz GDA ýurtlaryndan bu okuw maslahatyna çakylyk alan hem-de soňra söweş sungatlarynyň iň ýokary danyny almak ugrunda synag tabşyran ýeke-täk tälimçidir. Hanmudony esaslandyryjy, Grandmaster (X dan) Kimm He Ýung tarapyndan geçirilen okuw maslahatynyň barşynda hüjüm etmegiň hem-de özüňi goramagyň tilsimlerini öwrenmek boýunça çuňlaşdyrylan sapaklar geçirildi. Türkmenistanyň “Hanmudo” söweş sungaty federasiýasynyň başlygy O.Buharakow II dan ugrunda synagdan geçmeli boldy. Biziň ildeşimiz bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldi. II dany bermek hakyndaky şahadatnamadan başga-da, tälimçimize hanmudo boýunça türkmen mekdebiniň bu söweş sungatynyň Bütindünýä assosiasiýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendigini tassyklaýan resminama gowşuryldy. Mundan başga-da, O.Buharakowa ýene-de bir şahadatnama- oňa “Ussat-instruktor” diýen adyň dakylandygy hakyndaky şahadatnama gowşuryldy. Indi türkmenistanly tälimçi dünýäniň islendik döwletinde başa-baş söweşiň şu görnüşi boýunça tälim berip biler. Türkmenistanda koreý hanmudo söweş sungaty Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ösüşe eýe boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde hanmudo boýunça bölümler hereket edýär. Başa-baş söweşiň bu görnüşiniň federasiýasy diňe bir koreý ugruny däl, eýsem, beýleki görnüşleri, şol sanda köp ugurly söweş, pyçak zyňmak boýunça sport görnüşini hem-de hindi kabaddi toparlaýyn oýny ösdürýär. Şu günler türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynyň ikisine – kabaddi we köpugurly söweş sporty boýunça ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşlar degişlilikde noýabr aýynyň birinji we ikinji ongünlüklerinde Hindistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda geçiriler. Öňümizdäki dynç alyş günlerinde bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Gumdagda ýetginjekleriň arasynda kabaddi boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi geçiriler. Noýabr aýynyň ortalarynda ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Baton-Ruž şäherinde söweş sungaty dünýäsinde möhüm waka bolup geçer. Bu ýere tejribe alyşmak üçin başa-baş söweş sungatynyň koreý mekdebini esaslandyryjylar ýygnanar. Bu festiwala Türkmenistanyň “Hanmudo” söweş sungaty federasiýasynyň wekilleri hem gatnaşar.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow