Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Çap edildi 26.11.2021
1852

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk däplerini hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de özara bähbitleri, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň umumylygyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly geljegiň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz we myhman esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Ýokary hem-de hökümetara derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli geçirilýän duşuşyklary, olaryň giň gerimli bilelikdäki forumlara işjeň gatnaşmagy deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Mikail Çingiz ogly Jabbarow iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly şahsy gatnaşyklar döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär diýip belledi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kuwwatly, uglewodorod serişdelerine baý döwletlerdigini, olaryň önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi ugrunda çykyş edýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, mundan beýläk-de bilelikde energetika taslamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak meýli beýan edildi.

Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň, onuň halkara ulag düzümine netijeli goşulyşmagynyň geljegi bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin iki döwletiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, ulag ulgamy döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistandan Azerbaýjana, Azerbaýjandan Türkmenistana üstaşyr ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli ulag guramalaryny çekmek arkaly geçirilýän iş duşuşyklarynyň, maslahatlaşmalaryň bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri öňden gelýän doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk, düýpli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow