Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlady
Syýasy habarlar
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlady
Çap edildi 27.11.2021
1860

Şu gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejede geçirilen bu gezekki duşuşyk iki doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk ýyl ýazgysyna täze wajyp sahypany ýazar. Şeýle hem ol taryhy taýdan umumy medeniýeti we ruhy däpleri bolan türkmen hem-de türk halklarynyň dost-dogänlyk gatnaşyklary bilen berkidilen netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini şertlendirýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Gözbaşyny ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy onuň ösdürilýändigini aňladýar. Iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmek, ynanyşmak we dostluk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde okgunly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň yzygiderli aladasy netijesinde, döwletara gatnaşyklary barha pugtalandyrylýar. Ýokary derejedäki guralýan özara saparlar Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow