Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 28.11.2021
2649

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly ýurtlaryň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň, şeýle-de halkara syýasatyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, dürli ugurlarda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeňleşdirilýändigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, özara gyzyklanma bildirilýän dünýä we sebit gün tertibiniň, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine, okgunly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, maýa goýumlaryň höweslendirilmegine ýardam bermegi ugur edinýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolan bu düzümiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.

Iki ýurduň Liderleri üstaşyr ulag ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýtdylar. 2014-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine goşant goşýan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly umumy tagallalaryň üstünlikli birleşdirilmeginiň anyk mysallarynyň biridir.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary häzirki wagtda milli ykdysadyýetleriň ösüş mümkinçiliklerini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak, eksport-import harytlarynyň sanawyny giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda taryhy taýdan kemala gelen hem-de bu gün türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ruhy ýörelgelere esaslanýan ynsanperwer ugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Seýed Ebrahim Raisi dostlukly ýurtlaryň we halklaryň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, döwlet bähbitlerine doly kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlanandan soň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow