Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 28.11.2021
1515

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Gyrgyzystanyň Baştutanyny tüýs ýürekden we mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz gadymy döwürlerden bäri gelýän hem-de bu gün täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklary arkaly baglanyşýan goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi.

Prezident Sadyr Žaparow mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we türkmen Lideriniň döredijilikli, oňyn daşary hem-de içeri syýasatyna ýokary baha berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklara birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýörelgeleriniň mahsusdygyny belläp, onuň däp bolan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşler Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gün tertibine möhüm meseleler girizilen sammitiniň YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini hem-de bu ugurda dostlukly ýurtlaryň baý tejribe toplandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleri geljekki ugurlary we häzirki ýagdaýy nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Sadyr Žaparowyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan ilkinji resmi saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýandygy barada aýdyldy.

Umumy pikire görä, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we goňşy sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we işjeňleşdirilmegine ýardam edýän iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň ähmiýetlidigi nygtaldy.

Iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini we okgunly ösdürilýändigini belläp, ynsanperwer ulgamdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeni ugurly gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini nygtadylar hem-de iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanandan soň, Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň geçirilýän ýeri bolan köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” oteline ugrady.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow