Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
Çap edildi 02.12.2021
2834

Şu gün Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Toparyň ýolbaşçylary mejlisi açyp, deňhukukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de artýan depginini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň köptaraply gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi. Şol saparyň çäklerinde möhüm hökümetara ylalaşyklaryň we iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetiren beýleki resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ilerletmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Şunda eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmäge iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar beýan edildi. Hususan-da, ýurtlarymyzy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak barada teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy gyrgyz hyzmatdaşlara Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar bu babatda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Iki ýurduň halklaryny birek-biregiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp, bilelikdäki çäreleri guramagy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Sport we syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Toparyň agzalary geljegi uly bu ugurlary ösdürmegiň ähmiýetini kesgitläp, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam bermegiň, bilelikdäki önümçiligi giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň iş alyp barmagyň möhüm şerti bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydyklaryny beýan edip, biziň ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň bähbidine oňyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary, geňeşmeleri we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow