Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.12.2021
2228

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Alyhezretiňiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilen güni mynasybetli iberen gutlag hatyňyzy ägirt uly kanagatlanma bilen kabul etdim.

Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin, şeýle hem Siziň Alyhezretiňizi bu şanly sene bilen gutlaýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi hem-de Türkmenistanyň Hökümetini ajaýyp şäher Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň we onuň öň ýanynda YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýaryn.

Bu forumlaryň netijeleriniň peýdaly hem-de YHG sebitinde işjeň goşulyşmak üçin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen umumy maksatlarymyza ýetmegiň ýolunda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Husraw Noziri,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň

Baş sekretary.

 

 

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ilki bilen, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde guralan Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşandygyňyz üçin çuňňur hoşallyk bildirýärin.

Bu sammit halkara jemgyýetçiligiň hem-de türki döwletleriň ünsüni çekdi. Siz ýokary derejedäki bu duşuşygyň türki döwletleriň raýdaşlygynyň we bitewüliginiň pugtalanmagynda aýratyn, taryhy ähmiýetiniň boljakdygyny dogry bellediňiz.

Türkmenistanyň bu sammite gatnaşmagy onuň keşbine täzeçillik çaýdy hem-de Türki Döwletleriň Guramasyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky öňdengörüjilikli çözgüdiňiz, hakykatdan-da, Siziň ýurduňyz bilen türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde “Türki dünýä garaýyş — 2040” resminamasynda berkidilen geljekki maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşup biler.

Şunuň bilen baglylykda, Sekretariatyň söwda gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek boýunça täze ylalaşyklaryň, ähli sebit ulag geçelgelerini herekete getirmek üçin erkin söwda hakynda köptaraplaýyn ylalaşygy baglaşmagyň, strategik energetika hyzmatdaşlygyny kemala getirmegiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça syýahatçylyk ýollaryny giňeltmegiň, täze portlary döretmegiň, Maýa goýum gaznasynyň netijeli işini üpjün etmegiň üstünde işleýändigine Siziň Alyhezretiňizi ynandyrýaryn.

Doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň türki dünýäniň has-da ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Bagdad Amreýew,

Türki Döwletleriň Guramasynyň 

Baş sekretary.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow