Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary işler ministrligindäki brifingler
Syýasy habarlar
Daşary işler ministrligindäki brifingler
Çap edildi 22.12.2021
1784

Şu gün Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň ýakynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna bolan gulluk iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Nýu-Delide “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde dialogyň guramaçylyk düzüminiň ösüş mümkinçiligine, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesi taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi baradaky meselelere garaldy.

Pakistan Yslam Respublikasynda ýurdumyzyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça nobatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça mejlisiň jemleýji Kararnamasyna Owganystanda ynsanperwerlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak we şunuň bilen baglylykda, owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen iri energetika, ulag we aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky düzgünnamalar girizildi.

Şeýle hem şu gün DIM-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Ol ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça daşary döwletleriň tejribesiniň öwrenilmegi baradaky meselelere bagyşlandy.

Halkymyzyň saglygyny goramagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy bellenildi. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzda hemme zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri we edaralary, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir.

Brifingiň dowamynda bu ugurda Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklarynyň, koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak baradaky meselelerde lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň arasynda hemişe tejribe alşylmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow