Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Çap edildi 11.01.2022
3070

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly dostumyz!

Patyşalygyň we Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary saklamak hem-de pugtalandyrmak islegi bilen, biz hormatly hanym Lýusia Uaýldy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik.

Hanym Lýusia Uaýldyň belent şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynanmaga esas döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hanym Lýusia Uaýldyň biziň adymyzdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, iň gowy arzuwlarymyzy hem-de Türkmenistanyň abadançylygyna we rowaçlygyna tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigimiz baradaky ynandyrmalarymyzy ýetiren mahaly, Siziň oňa doly ynanmagyňyza umyt edýäris.

Goý, Beýik Biribar Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Siziň hoşniýetli dostuňyz,

Ýelizaweta II,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň 
Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow