Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 14.02.2022
2861

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan Respublikasy bilen öňden gelýän, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar bolsa özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ynanyşmak hem-de özara düşünişmek häsiýetine eýedigi, munuň bolsa ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de ony ösdürmek üçin öz wagtynda degişli çäreleri görmek üçin oňat mümkinçilik bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Hökümet wekiliýetiniň golaýda Aşgabada bolan netijeli sapary kanagatlanma bilen bellenildi. Şol saparyň barşynda örän netijeli gepleşikler geçirildi hem-de özara hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Milli Liderimiz häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň ulag ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň yklymlaryň çatrygynda amatly ýerleşýändigini nazara almak arkaly halkara ýük daşamalaryň ugurlaryny giňeltmek, şeýle hem özara söwdanyň mukdaryny artdyrmak, senagat pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy beýan edildi. Bu babatda ýurdumyz kuwwatly serişde binýadyna eýedir. Türkmenistanda kooperasiýa we integrasiýa babatda, şol sanda ösdürilmegine aýratyn üns berilýän obasenagat toplumynda uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň ylym we medeniýet babatynda netijeli hyzmatdaşlyga ýardam edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki dostlukly goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikler, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow