Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleriniň üstünlikleri
Sport
Türkmen türgenleriniň üstünlikleri
Çap edildi 28.10.2016
2432

Biziň türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarynyň üçüsinde – guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynda, agyr atletika boýunça dünýä birinjiliginde hem-de taekwondo WTF halkara bäsleşiklerinde jemi 17 medala – dört altyn, ...... kümüş we ...... bürünç medallara mynasyp boldular. Olar bu üstünliklerini Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşladylar. Göreş boýunça bäsleşiklere kyrka golaý ýurtdan 250 türgen gatnaşdy. Çempionatyň öň ýanynda russiýaly hünärmenler türkmen pälwanlarynyň ýer eýeleriniň esasy bäsdeşleri boljakdygyny çakladylar. Şeýle hem boldy. Biziň ildeşlerimiz ýaryşyň ilkinji gününde dört altyn, ... kümüş we .... bürünç medallara eýe bolup, umumy toparlaýyn hasapda öňdäki orunlaryň birine eýe boldular. Türkmenistanyň toparyndan Rozmyrat Medow (68 kilograma çenli), Nasiba Surkiýewa (76 kilograma çenli), Gülnar Haýytbaýewa (66 kilograma çenli) hem-de Suhra Madraimowa (52 kilograma çenli) altyn medallary gazanmagy başardylar. Şatlyk Jumanazarow (62 kilograma çenli), Derýa Abdyýew (75 kilograma çenli) we Laçyn Badaglyýewa (52 kilograma çenli) ikinji orunlasary eýelediler. Maksuda Egenberdiýewa (76 kilogramdan ýokary) bürünç medala eýe boldy. Gylyç Jumaýew (90 kilograma çenli), Seýdi Batyrow (100 kilograma çenli) we Rejepaly Orazalyýew (100 kilogramdan ýokary).... 29-njy oktýabrda biziň türgenlerimiz göreş boýunça (türkmen milli guşakly göreş) III dünýä çempionatynyň çäklerinde bäsleşigi dowam ederler. Ozal geçirilen ýaryşlaryň netijelerinden çen tutulanda, bu gezek hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň üstünlik gazanjakdygyna ynanmaga esas bar. .... Ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä birinjiligine 76 ýurtdan 350-den gowrak türgen gatnaşýar. Türkmenistanyň toparynyň düzüminde 94 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Azat Serdarow kümüş medala mynasyp boldy. Biziň ildeşimiz ştangany götermegiň iki görnüşi – ştangany birden götermekde 149 kilogram, itekläp götermekde 181 kilogram, jemi 330 kg. netije görkezip, şeýle üstünlige eýe boldy. .... Taekwondo boýunça bäsleşiklere 12 ýurtdan – Hytaýdan, Hindistandan, Nepaldan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Wýetnamdan, Omandan, Taýpeýden we beýleki ýurtlardan 300-e golaý türgen gatnaşdy. Bu ýerde biziň ildeşlerimiz dört kümüş we bir bürünç medala eýe boldular. Muhammet Rozyýew (59 kilograma çenli), Aleksandr Kuwarzin (63 kilograma çenli), Serdar Çaryýew (68 kilograma çenli) we Rzaguly Toýmyradow (73 kilograma çenli) finalda çykyş etdiler. Aýlar Gurbanowa (53 kilograma çenli) üçünji orny eýelemegi başardy. Ýokarda agzalan sport görnüşleriniň hemmesi geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungady boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Türkmenistanlylaryň bu ýaryşlarda görkezen netijeleri geljek ýyl ýurdumyzda geçiriljek yklym derejeli toplumlaýyn ýaryşlarda hem olaryň üstünlik gazanjakdygyna ynam döredýär.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow