Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 25.02.2022
2825

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz gutlag hatynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna berýän uly goldawyny hem-de şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklara uly üns berýäris we hormat bilen garaýarys hem-de olaryň geriminiň giňelmegi ugrunda tagallalarymyzyň birleşendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.



Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow