Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanly agyr atletikaçy – ýaşlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony
Sport
Türkmenistanly agyr atletikaçy – ýaşlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony
Çap edildi 25.07.2022
5343

Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa birbada iki derejede – ýaşlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy. Paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Daşkentde geçirilýän yklym ýaşlar birinjiliginde 81 kg çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

Iň kiçi ýaşlylar toparynda üç ýurtdan 4 türgen, iň uly ýaşlylar toparynda 3 türgen bäsleşdiler. Ildeşimiz jemi iki ugurda 6: ýaşlar bäsleşiginde üç kümüş, ýetginjek gyzlaryň arasynda silterläp bürünç, itekläp hem-de iki synanyşygyň netijesi boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Anamjan jemi 201 kg (silterläp – 88 kg, itekläp –133 kg) netije bilen kiçi toparda 168 kg (74+94) agrama bäs gelip, ilkinji üçlüge giren hindistanly Pallimakkal Suni Amrithadan 33 kg, ýetginjek gyzlaryň 200 kg (89+111) netije görkezen gazagystanly Dinara Kipşakbaýdan 1 kg agyr götermegi başardy. Iki toparda-da altyn medallaryň altysyny eýelän özbegistanly Nigora Suwonowa 212 kg (95+117) netije bilen Aziýanyň çempiony boldy.

1-nji sport derejeli 16 ýaşly Anamjan Rustamowa halkara ýaryşynda ilkinji gezek medallara mynasyp boldy. Ol Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ilkinji tälimçisi Deripbaý Kerimbaýewiň ýolbaşçylygynda agyr atletika bilen meşgullanyp ugrady. Indi ol 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Gurbandurdy Amanowdan tälim alýar.

Ýaryşyň jemleýji tapgyryndan – has agyr (109 kg-dan agyr) agramda çykyş edýän ýetginjekleriň bäsleşiginden öň Türkmenistanyň topary 20 (6 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç) medal toplady. Topardan 17 ýaşa çenli ýaşlylaryň arasynda Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa (64 kg çenli agramda) we Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew (89 kg çenli agramda) altyn medala mynasyp boldular.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow