Baş sahypa
\
Sport
\
Ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlaryň sany artdy
Sport
Ýurdumyzda geçirilýän ýaryşlaryň sany artdy
Çap edildi 16.11.2016
2364

Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň ilkinji açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Olar birnäçe tapgyrdan ybarat aýlaw görnüşdäki ýaryşda ýarym ýylyň dowamynda baýraklar ugrunda göreşerler. Täsirli açylyş dabarasynyň barşynda hokkeýçileriň we köpsanly tomaşaçylaryň öňünde Sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzdaky sport mekdebiniň buzda figuralaýyn typmak bilen meşgullanýan türgenleri çykyş etdiler. Karina Mowsesýanyň şägirtleriniň ýerine ýetirmegindäki buzuň üstündäki tanslar ýaryş gidýän wagty, duşuşyklaryň arakesmesinde hem bolýar. «Gerçekleriň oýny» hasaplanýan hokkeý bilen meşgullanýan ýaşajyk türgenler hem biri-biriniň gujur-gaýratyny synap gördüler. Iki tapgyrdan soň garaşylyşy ýaly toparlaryň üçüsi-- «Şir», «Oguzhan» we «Galkan» toparlary öňe saýlandylar. Hünärmenleriň pikiri boýunça altyn medal ugrunda göreş esasan şu üç toparyň arasynda gider. Körpeje hokkeýçileriň ençemesiniň ilkinji gezek gatnaşyp görýän bu ýaryşynyň esasy maksady ýaşlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmekden hem-de täze hokkeý toparlaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, buz üstünde oýnalýan bu oýun soňky döwürde türkmen ýaşlarynyň arasynda gitdigiçe meşhurlyk gazanýar. Mysal üçin, diňe ýokarda agzalan paýtagtymyzyň toparlarynyň düzümine 300-e golaý türgen girýär. Ýakyn geljekde bolsa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak isleýän ýaşlary toparlara kabul edip başlarlar. Bu ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap buzly sport desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýaryşyň netijesi boýunça halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi tassyklanar. Milli ýygyndymyz halkara ýaryşlarynyň birnäçesine, şol sanda Russiýada geçirilýän ýetginjekleriň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Altyn şaýba» ýaryşyna hem gatnaşar. Häzirlikçe bolsa Türkmenistanyň hokkeý boýunça erkekler ýygyndy topary özleri üçin ilkinji Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlanýar. Sekizinji gyşky Aziýa oýunlary 2017-nji ýylyň fewralynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçer. Aziadanyň öňüsyrasynda türgenlerimiz iň gowy buzly meýdançalaryň biri hökmünde tanalýan Minsk şäheriniň (Belarus) «Çižowka-arena» hokkeý meýdançasynda halkara okuw-türgenleşiklerini geçmegi göz öňünde tutýarlar. Bu ýerde 2014-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionaty, şu ýylyň ýaz aýynda bolsa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Mundan başga hem milli ýygyndy toparymyz Halkara hokkeý federasiýasynyň guramagynda aprel aýynda Kuweýtde geçjek «Çagyryş kubogy» ugrundaky ýaryşa gatnaşar. Bu ýaryşyň topardaky oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Hindistanyň hem-de Hytaýyň Ýörite dolandyryş etraby bolan Makaonyň milli ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşjakdygy eýýämden mälimdir.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow