Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 20-nji Noýabr
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 20-nji Noýabr
Çap edildi 20.11.2016
1811

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýadan we Türkiýeden gelen täjirler bolsa “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) we tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tüýjümek önümler, azyklyk bugdaý, nah ýüplük, buýan köki we garaköli goýunlaryň ýüňi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Owganystan, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 675 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Niderlandlaryň, Pakistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, hojalyk sabynyny, saryja goýunlaryň ýüňüni satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow