Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkara festiwal öz işini dowam edýär
Medeniýet
Halkara festiwal öz işini dowam edýär
Çap edildi 13.10.2022
5494

Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly –haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly öz işini dowam etdi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan senetçilik işleriniň we amaly-haşam eserleriniň Halkara sergisi festiwalyň ikinji gününde hem köp adamly boldy. Bu ýere gelenler Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň we Latwiýanyň milli mirasyny şöhlelendirýän eserler bilen tanyşdylar.

Soňra «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyna gatnaşyjylar welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda welaýat merkeziniň «Türkmeniň Ak öýi» binasynda milli eşikleriň modasynyň görkeziliş dabarasy geçirildi. Dürli ýaşdaky zenanlaryň we çagalaryň milli eşikleriniň özboluşly milli öwüşgünleri, nagyşlary, şaý-sepleriň köp dürli görnüşleriniň sazlaşygy bu çärä gatnaşýan myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

 

Şeýle hem «Senetçilik we amaly – haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň çäklerinde şanly waka mynasybetli konsert geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary halkara festiwalyna özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow