Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda halkara festiwal geçirildi
Medeniýet
Türkmenistanda halkara festiwal geçirildi
Çap edildi 14.10.2022
5903

Şu gün Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň dabaraly ýapylyşy boldy.

Halkara döredijilik forumynyň soňky güni Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen we daşary ýurtly senetçileriň ussatlyk sapaklary bilen başlandy. Bu ýere ýygnanlar görkezilen sungat eserelerine syn etdiler we olary öwrendiler, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerini döretmegiň aýratynlyklary, senediniň inçe syrlary barada gürrüň berdiler.

Ussatlar haly we zergär önümleriniň, dürli milli gurallary taýýarlamagyň, keşde gaýamagyň, agaç we demir işlemegiň usullaryny görkezdiler we bu barada gyzykly gürrüň berdiler.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň maslahatlar zalynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünyä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň dabaraly ýapylyşy boldy. Göwrümli döredijilik çäresine gatnaşanlaryň ählisine festiwalyň Diplomy gowşuryldy.

Halkara festiwala gatnaşanlar, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow