Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen pälwanlarynyň dünýä çempionatyndaky üstünligi
Sport
Türkmen pälwanlarynyň dünýä çempionatyndaky üstünligi
Çap edildi 29.11.2016
2553

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 1999-2001-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Onda biziň türgenlerimiz nobatdaky uly üstünlige eýe bolup, 13 medal gazandylar. Olaryň üçüsi altyn, bäşisi kümüş we şonçasy-da bürünç medallardyr. Munuň özi milli toparymyza umumy hasapda ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Ýaryşlara dünýäniň 15 ýurdundan – Russiýadan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden türgenleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparynyň düzüminde altyn medallara Hekim Kakalyýew (45 kilograma çenli agramlyk derejede) we Tagantäç Güýçmämmedow (55 kilograma çenli agramlyk derejede) hem-de Pälwan Jumakow (50 kilograma çenli agramlyk derejede) mynasyp boldular. “Altyna” barýan ýolda olaryň hersi üç ýeňiş gazanmagy başardy. Wise-çempionlyk derejesine Ylýas Rahmanow (50 kilograma çenli agramlyk derejede), Mekan Bekmyradow (55 kilograma çenli agramlyk derejede), Pälwan Gurbangeldiýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede, Atageldi Tagandurdyýew (65 kilograma çenli agramlyk derejede) we Aly Meredow (95 kilograma çenli agramlyk derejede) eýe boldular. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna Agajan Täçmuhammedow (65 kilograma çenli agramlyk derejede), Hakberdi Yslamow (71 kilograma çenli agramlyk derejede), Ýazmämmet Ataýew, Nurberdi Nurberdiýew (ikisem 85 kilograma çenli agramlyk derejede) we Jemal Öwlýagulyýewa (63 kilograma çenli agramlyk derejede) galdylar. Astanada geçirilen dünýä çempionatyndaky çykyşlar ýaş türkmen pälwanlarynyň köpüsi üçin halkara sport giňişligindäki ilkinji çykyş boldy. Ýaryşyň netijeleri olaryň öňünde uly mümkinçilikleri açýan ilkinji synagdan üstünlikli geçendigine şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, guşakly göreş Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu ýaryşlaryň başlanmagyna 11 aýdan hem az wagt galdy. Häzirki wagtda milli ýygyndymyzyň erkekler bilen zenanlar düzümleri bu iri ýaryşlara güýçli taýýarlyk görýärler. Aziada-2017-ä çenli galan wagtyň dowamynda biziň pälwanlarymyz iri halkara ýaryşlarynyň birnäçesine, şol sanda dünýä çempionatlaryna we Kubok ugrundaky ýaryşlara gatnaşarlar. Bu ýaryşlar Aşgabatda yklym derejesinde geçiriljek toplumlaýyn ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegiň ýolunda möhüm tapgyr bolar.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow