Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär
Jemgyýet
Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär
Çap edildi 09.02.2023
3111

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw möwsüminiň her tapgyrynyň möhletleri saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan meýilnamasynda bellenendir. Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. Olarda kanun çykaryjy häkimiýetiň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak dalaşgärler barada pikir alşylýar. Dalaşgärleriň hatarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, senagat, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri we beýlekiler bar. Şunuň bilen birlikde, 4-nji fewralda dalaşgärleri bellige almak başlandy, bu çäre 28-nji fewralda tamamlanar.

Açyklyk, aýanlyk we bäsdeşlik şu gezekki saýlaw möwsüminiň hem esasy kesgitleýji ýörelgeleridir. Elbetde, parlamentiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşiň agzalygyna iň mynasyp, Watanynyň bähbidini ähli zatdan ýokary tutýan, watandaşlarynyň ynamyny we hormatyny gazanan Türkmenistanyň raýatlary saýlanar. Halk wekillerine ýurdumyzy mundan beýläk-de syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny çözmek garaşýar.

26-njy martda geçirilmegi bellenen saýlawlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň depginli ilerlemegine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, öňümizde geçiriljek saýlawlar hem-de dowam edýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak çäreleri häzirki türkmen döwletinde we jemgyýetimizde demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan bu özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýakynda geçiriljek saýlawlary ýurdumyz üçin örän möhüm waka bolup, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň esaslaryny we demokratik binýatlaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow