Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Agyr pursatda duýgudaşlyk bildirmek we goldaw bermek — türkmen halkynyň asylly ýörelgesi
Jemgyýet
Agyr pursatda duýgudaşlyk bildirmek we goldaw bermek — türkmen halkynyň asylly ýörelgesi
Çap edildi 10.02.2023
3367

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy öz maşgalasynyň, ýagny ýoldaşynyň, oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana hem-de tutuş türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi we Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öz ýoldaşynyň, oglunyň hem-de maşgalasynyň adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan döwletimiz tarapyndan doganlyk türk halkyna goşmaça ynsanperwerlik kömeginiň ugradylandygyny, şol sanda tebigy betbagtçylygyň netijesinde ejir çeken çagalar üçin ýyly egin-eşikleriň iberilendigini aýdyp, hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy şu agyr pursatda şehit bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna türkmen tarapynyň mundan beýläk-de islendik zerur goldawlary bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan goldaw hem-de medet beriji sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu agyr pursatda bildirilýän duýgudaşlygyň we berilýän doganlyk kömeginiň türk halkynyň ruhuny götermekde örän ähmiýetlidigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny, zenanlara, çagalara, tutuş doganlyk türk halkyna parahatçylyk we rowaçlyk dileg etdi.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow