Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda geçirilen sergi-ýarmarkada pagta önümlerini satmak boýunça ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak baha deň bolan şertnama baglaşyldy
Ykdysadyýet
Aşgabatda geçirilen sergi-ýarmarkada pagta önümlerini satmak boýunça ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak baha deň bolan şertnama baglaşyldy
Çap edildi 03.12.2016
1818

Şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara sergi-ýarmarkasynda pagta önümlerini satmak boýunça umumy bahasy 30 million 321 müň dollara barabar bolan şertnamalar baglaşyldy. Şertnamalary Şweýsariýanyň “Paul Reinhart AG”, “Carvon Commodities LTD”, “Rezana Trading C.A.”, Türkiýäniň “Calik Cotton”, Singapuryň “Olam International LTD” we beýleki kompaniýalar baglaşdylar. Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty Oba we suw hojalyk ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurady. Oba hojalyk ýylynyň ahyrynda “ak altyn” hasylyny ýygnamak işleri jemlenende ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn sergi ýurdumyzyň pagtaçylygynyň, obasenagat toplumynyň, dokma senagatynyň ýeten derejesini görkezmäge gönükdirilendir. Şu ýyl türkmen ekerançylary gymmatly çig malyň 1 million 50 müň tonnasyndan gowragyny ýygnap, ýokary hilli pagta süýümini hem-de ondan öndürilýän dokma önümlerini dünýä bazaryna iberýän döwlet hökmünde ornuny has-da pugtalandyrdy.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow