Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlaw möwsümi işjeň tapgyra gadam basýar
Jemgyýet
Saýlaw möwsümi işjeň tapgyra gadam basýar
Çap edildi 13.03.2023
3171

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi dowam edýär. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň çakylygy boýunça GDA-dan synçylar topary 8-nji martda öz işine başlady. Häzirki wagtda topary düzmek işi dowam edýär. Onuň düzümine GDA gatnaşyjy döwletleriň merkezi saýlaw toparlarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň girizilmegi meýilleşdirilýär.

Halkara synçylar saýlawlaryň guramaçylyk derejesine hem-de ýurtda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine baha bererler. Saýlawlaryň erkinlik we demokratik ýagdaýda geçmegini üpjün ederler.

Şu günler toparyň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Olar eýýäm Daşoguz welaýatynda bolup, okrug saýlaw toparlarynda duşuşyklary geçirdiler, saýlaw möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, Daşoguz şäherinde we Köneürgenç etrabynda birnäçe saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler. Umuman, toparyň wekilleri saýlaw toparlarynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine we saýlaw uçastoklarynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

Mundan başga-da, halkara synçylar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar Aşgabadyň gözel künjeklerine, muzeýlerine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere baryp gördüler. Daşoguz welaýatyna şu gezekki saparyň dowamynda myhmanlar Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler, “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşýän we ýokarda ady agzalan sanawa girizilen taryhy ýadygärlikleri synladylar.

Häzirki wagtda ähli ýerlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär. Olaryň dowamynda dalaşgärler saýlawçylary özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Şeýle hem dalaşgärler sowallara jogap berip, saýlawçylaryň tekliplerine aýratyn üns çekýärler.

Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri hem-de wagty ýerli metbugatda çap edilýär.

Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ygtybarly binýat bolup durýan demokratik özgertmeleriň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow