Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar
Medeniýet
Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar
Çap edildi 18.05.2023
1847

Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.

Bu baýramçylyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer däpleriniň dabaralanmagyny, demokratik, hukuk döwletimiziň binýatlarynyň mizemezligini, jemgyýetimiziň sarsmaz jebisligini, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň azatlygynyň, rowaçlygynyň, abadançylygynyň, häzirki ajaýyp günümiziň we röwşen geljegimiziň nyşany bolan ýaşyl tugumyz parlaýan mähriban topragymyzda durnuklylygyň, ylalaşyklylygyň kepilidir. Diýarymyzyň amala aşyrýan oňyn daşary syýasaty esasynda bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dünýäde giňden tanalýar. Ol abraýly halkara guramalaryň baýdak sütünlerinde belentden parlap, halkymyzyň beýik ynsanperwer taglymlara ygrarlydygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ymtylýandygynyň nyşany bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda: “Garaşsyz Diýarymyzy depginli ösdürmäge, ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirmäge, pudaklarymyzy döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda bolsa mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik maksatnamalary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýlip bellenilýär.

Ýurdumyzyň meşhur bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar. Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde “Parla, ýaşyl tugum!” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda döwletimiziň esasy nyşanlarynyň biri bolan hem-de halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşyl tugumyz wasp edilýär. “Dokmaçylar” folklor toparynyň ýerine ýetiren “Arkadagly Serdarymyz, jebisdiris daşyňyzda!” atly kompozisiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşykly häzirki ajaýyp günümiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi wasp edildi.

Çagalar tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertiniň bezegi boldy. Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr. Çünki Diýarymyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Çagalaryň milli äheňe beslenen çykyşynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, “Galkynyş”, “Näzli”, “Laçyn”, “Meňli”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat” tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýurdumyzyň meşhur saz toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. “Miras” tans topary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi. Halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu gadymy tans häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Dabaraly konsert gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdym bilen tamamlandy. Aýdymda halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan beýik buýsanjy öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda hem geçirildi. Çäreleriň dowamynda Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly kompozisiýalar ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
top-arrow