Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanly tennisçiler paýtagtymyzda geçirilýän sebitleýin sport ýaryşynda ikinji ýeňşini baýram etdiler
Sport
Türkmenistanly tennisçiler paýtagtymyzda geçirilýän sebitleýin sport ýaryşynda ikinji ýeňşini baýram etdiler
Çap edildi 06.06.2023
3062

Paýtagtymyzda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri ikinji ýeňşini baýram etdiler.

Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 3:0 hasabyndaky ýeňiş bilen üstünlikli başlan Ýuriý Rogusskiýniň ýolbaşçylygyndaky milli toparymyz şu gün Owganystanyň ýygyndysyny hem şu hasap bilen ýeňmegi başardylar. Umumy ýeňiş üçin ildeşlerimize bary-ýogy 43 minut ýeterlik boldy. Oýnuň ykbaly ýaş tennisçilerimiz Aly Geldiýewiň we Süleýman Hudaýberdiýewiň ýekelikde geçiren duşuşyklarynda mälim boldy. Olar geçirilen duşuşyklarda garşydaşlaryna bir utuk hem gazanmaga mümkinçilik bermediler.  Aly Geldiýew owganystanly tennisçi Döwran Muhammet Gurbandan – 6:0, 6:0 hasabynda, ildeşimiz Süleýman Hudaýberdiýew hem garşydaşy Muzammilom Aýoubiden şu hasapda öňe saýlanmagy başardylar. 

Bu gezekki oýun biziň üçin ýeňil geçdi – diýip, 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ýurdumyzyň oglanlar ýygyndysynyň kapitany Ýuriý Rogusskiý belledi.  - Sport ýaryşynyň Gyrgyzystanyň topary bilen geçiren ilkinji duşuşygymyzda, biziň toparymyzyň agzalarynyň hereketlerinde gowy netijeler üçin uly jogapkärçilik we tolgunma duýuldy. Elbetde, 4 müň tomaşaçyly uly ýaryş zalynda çykyş etmek örän tolgundyryjy boldy. Muňa garamazadan topar agzalary başlangyç tolgunma hötde gelip, geçirilen 3 oýunda gyrgyz tarapyna diňe 3 utuk gazanmaga maý berdiler. 

Şu günki geçirilen beýleki duşuşyklarda, Özbegistanyň ýetginjek oglanlar we gyzlar toparlary 3:0 hasabynda Gyrgyzystanly bäsdeşlerini ýeňdiler. Gazagystanyň oglanlar we gyzlar toparlary hem täjigistanly garşydaşlaryndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar.

Ertir, sport ýaryşynyň 3-nji gününde Türkmenistanyň ýaş tennisçi topary gazagystanly garşydaşlary bilen oýunlary geçirerler. Olimpiýa şäherjiginiň beýleki tennis kortlarynda bolsa Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň toparlary, Özbegistan bilen hem Owganystanyň toparlary duşuşarlar.

Soňky habarlar
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
03.07
«Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany
03.07
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
top-arrow