Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 11.06.2023
1524

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň siziň durmuşyňyza gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna, bu halkara ylmy maslahatyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym ulgamyndaky üstünliklerini dünýä ýaýmak, ylmyň gazananlary we innowasion tehnologiýalar boýunça özara tejribe alyşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak babatda baý tejribe toplandy. Ýokary tehnologiýalara, nazary ylymlara esaslanýan innowasion ösüşli ykdysadyýet döredildi. Jemgyýetimiziň aň-bilim kuwwatyny berkitmäge we adamyň intellektual dünýägaraýşyny ösdürmäge, ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar durmuşa geçirildi. Häzirki döwürde biz bu ugurdaky döwlet ylmy-tehniki syýasatymyzy üstünlikli alyp barýarys. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, düýpli we amaly ylmy barlaglaryň özara baglanyşygyny has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýäris. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy barlaglaryň häzirki zaman bitewi usulyýet binýadynyň kemala getirilmegi, milli ykdysadyýetimiziň innowasion gurluşynyň kämilleşdirilmegi üçin zerur ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertlerini döredýäris.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýýan wajyp wezipelerimizdir. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar babatda ileri tutulýan ugurlar boýunça örän netijeli ylmy barlaglar alnyp barlyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň şu günki hem-de geljekki ösüşleri üçin berk binýat döredilýär. Şu günüň ylmy geljegiň tehnologiýalarydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň ylmy açyşlaryna, senagat-innowasion tejribelerine, ylmy-inženerçilik garaýyşlaryna, maglumat-tehnologik barlaglaryna milli ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmek hem-de geljegiň tehnologiýalaryny döretmek ugrundaky örän ähmiýetli mümkinçilikler hökmünde garaýarys.

Biz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Uzak Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň, Orta hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarýarys. Ýurdumyzyň alymlarynyň, dünýäniň birnäçe döwletinden ylmy toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly bu halkara ylmy maslahatyň ylmy barlaglaryň wajyp ugurlary boýunça tejribe alyşmakda hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni, şeýle hem bu ajaýyp baýram mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri, täze açyşlary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow