Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Awazada “Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Medeniýet
Awazada “Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Çap edildi 14.06.2023
1887

Şu gün “Awaza-2023” atly halkara tans we folklor festiwalynyň çäklerinde “Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkeziniň mejlisler zalynda bolan halkara maslahatyna festiwalyň myhmanlary we türkmen tarapynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar ilki bilen merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny beýan edýän surat eserleri we dürli kitaplar görkezildi. Maslahatyň öňüsyrasynda guralan sergä gatnaşyjylar gymmatlyklar bilen tanşyp, festiwalyň çäklerinde guralýan her bir çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigini nygtadylar. Bu bolsa döredijilik toparlarynyň festiwalyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagyny şertlendirýär.

 Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän halkara çäresiniň milli medeniýeti ösdürmekde ähmiýetlidigi bellenildi. Şeýle hem maslahata gatnayşyjylar türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri we halkara festiwalynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra “Awaza-2023” atly halkara tans we folklor festiwaly bu çärä gatnaşýan daşary ýurtly tans hem-de folklor toparlarynyň konserti bilen dowam etdi. Hazar deňziniň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlarda dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň waspy ýetirildi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow