Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 19.06.2023
2652

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna Slowakiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.

Türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alyşmalaryň çäklerinde iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi, köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary, şol sanda abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Wiktor Boreski Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki döwletiň we olaryň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Slowakiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, men jenap Wiktor Boreskini Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Wiktor Boreskiniň ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, şeýle hem meniň makullamagyma mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi, meniň adymdan we Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Zuzana Çaputowa,

Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow