Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan — Eýran: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen
Medeniýet
Türkmenistan — Eýran: medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak ýoly bilen
Çap edildi 20.06.2023
1811

Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň sowgat hökmünde gelip gowuşmagyna bagyşlandy.

Bu çärä Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam etdi.

Soňky ýyllarda medeniýet we bilim ulgamlarynda türkmen-eýran gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda ýurdumyzyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleriniň gatnaşmaklarynda halkara maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilýär. Özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy bu ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini görkezýär. Dabaraly maslahaty ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakanyň hormatyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty gurady.

Maslahatyň dowamynda iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhyň dowamynda ýygjam gatnaşykda bolandygy, şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berlendigi barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna sowgat hökmünde “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysyny ibermegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň we goňşy döwletiň ýurdumyza aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda Eýran bilen ýola goýulýan gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Ýokary derejede geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna giň ýol açýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň iýunynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine giň ýol açdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasyna bolan sapary we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler, duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegini we many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi iki goňşy ýurduň halklarynyň taryhy-medeni we ylmy-edebi geçmişini has çuň öwrenmek, olary wagyz etmek hem-de bu ugur boýunça tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün etdi. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Tähran şäherinde TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki halkyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygyň we ylmy-barlag gatnaşyklarynyň has-da berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler “Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň” iki jiltlik ýygyndysynyň gelip gowuşmagynyň aýratyn taryhy wakadygyny nygtap, onuň türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň ylmy esasda öwrenilmeginde ähmiýetli boljakdygyny bellediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak bilen bagly halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi baradaky çykyşlar maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýän döwründe aýratyn ähmiýetlidir. Dabaraly maslahata gatnaşanlar medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şunda nusgawy edebiýatymyza degişli maglumatlaryň toplanylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
top-arrow