Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi dowam edýär
Medeniýet
Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi dowam edýär
Çap edildi 24.06.2023
1473

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň, aýratyn-da, medeni gatnaşyklaryň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dostlugy berkitmäge gönükdirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 1993-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Gurama her ýylda suratkeşleriň döredijilik duşuşyklaryny, surat sergilerini, edebi ýygnanyşyklary, opera, teatr, saz, tans festiwallaryny we beýleki forumlary guramak bilen, medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ köp sanly halkara taslamalary durmuşa geçirip, türki halklaryň medeniýetini wagyz edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy bellenilýär. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ tarapyndan türki dilli döwletleriň arasynda özara medeni gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Gurama agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda nygtalýar.

Şu ýyl TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllyk baýramynyň çäklerinde gurama agza döwletleriň bilelikde geçirmegi meýilleşdirýän çäreleriniň maksatnamasy taýýarlanyldy. Her ýylda agza döwletleriň şäherleriniň biriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi guramanyň nobatdaky möhüm başlangyçlarynyň biridir.

Şeýlelikde, 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar türkmen tarapynyň öňe süren Gündogaryň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly”, Änew şäherini hem şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky teklibini biragyzdan goldadylar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän halkara medeni diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň, şol sanda umumadamzat medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki halklaryň baý medeni mirasyny goramak, öwrenmek we dünýäde wagyz etmek işinde TÜRKSOÝ bilen özara dialogyň ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna halkara derejede taýýarlyk görülmegi söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijiliginiň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň medeni mirasynyň baýlygydygyny görkezýär. 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bolsa öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty hökmünde saýlanyp alyndy. Munuň özi baý taryhy-medeni mirasymyzy, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmäge ýardam berer.

TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýun aralygynda ýurdumyzda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Onuň çäklerinde agza döwletleriň döredijilik, folklor we tans toparlarynyň, sazandalarynyň, opera aýdymçylarynyň bilelikdäki konsertleri, fotosuratlaryň we çagalaryň döreden surat eserleriniň sergisi guralar.

26-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan hem-de beýleki ýurtlardan şahyryň döredijiligine sarpa goýýanlar, medeniýet we ylmy işgärler, ýazyjylar, žurnalistler gatnaşarlar.

Ýurdumyza gelen myhmanlar üçin paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmak üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Dabara gatnaşyjylar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem baryp görerler.

Türki dilli döwletleriň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyna itergi berer. Bularyň ählisi dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp, TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň halklarynyň özboluşly aýratynlyklary, taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmek, onuň çäklerinde köpöwüşginli döredijilik çärelerini guramak üçin amatly şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu ugurda dabaralara gatnaşyjylaryň döredijilik ylhamyny artdyrmaga, medeni-köpçülik çäreleriň mynasyp derejede guralmagyna toplumlaýyn hem-de jogapkärçilikli çemeleşilmegine uly üns berilýär.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri we bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar şu gezekki forumyň her bir gününiň şatlykly pursatlara, ýatda galyjy wakalara beslenjekdigine ynam bildirdiler.

Türki dilli döwletleriň döredijilik wekilleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çärelerine hem gatnaşarlar. Şeýlelikde, giň gerimli dabaralar TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, türki medeniýetiň baý medeni mirasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berer.

Soňky habarlar
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
07.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
06.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
06.07
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
05.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
04.07
Döwlet Baştutanymyz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Jemgyýetde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň orny
top-arrow