Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Çap edildi 28.06.2023
2353

Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen medeni gatnaşyklarynyň uly ähmiýetine ünsi çekdi hem-de dilimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeniýetimiziň meňzeşdigini nygtady.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Gurban baýramy bilen gutlady hem-de dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, adamkärçilik, hoşgylawlylyk, sahylyk ýaly ynsanperwer gymmatlyklary ündeýän mukaddes Gurban baýramynyň türki dünýäde özara düşünişmegiň, raýdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen medeniýet meseleleri boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýändigini nygtap, geljek ýyl şu wagtlar ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini we bu dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewi bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýyl “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Änew şäheri bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda dürli çäreleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi we geljek ýyl köp ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlar geçiriler diýip Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň uly ähmiýetini belledi.

Halkara düzümiň ýolbaşçysy çakylyk üçin hoşallygyny bildirip, sahawatly türkmen topragynyň dünýä Magtymguly Pyragy ýaly akyldary peşgeş berendigini nygtady. Aşgabat dürli medeni çäreleri geçirmek üçin iri megapolisdir we türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary netijesinde bu şäher tanalmaz derejede özgerdi diýip, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ertir Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň bolýandygyny aýdyp, bu “akylly” şäheriň ekologik ölçeglere we daşky gurşawy goramagyň ýörelgelerine laýyklykda gurlandygyny belledi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu dabaranyň möhüm taryhy waka hökmünde ýurduň ýyl ýazgysyna girjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Sultan Raýewe minnetdarlyk bildirip, oňa alyp barýan işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow