Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2023
2944

Şu gün haj parzynyň dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygynda saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, Prezident Wladimir Putiniň bu şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi. Walentina Matwiýenko pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygyny Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Bu şäheriň desgalary “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edildi.

Hanym Walentina Matwiýenko Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we işde täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşan ägirt uly goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýanyň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu dostlukly döwlet bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ähli ugurlar boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy we oňat netijeler gazanyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko häzirki wagtda türkmen-rus gatnaşyklarynyň barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasynda ýakynlaşmagyň, özara düşünişmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam bermek meýli beýan edildi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda Walentina Matwiýenkonyň türkmen-rus gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny ösdürmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň dowam etdirilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbidine gönükdirilendir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar özara düşünişmegiň döwletara gatnaşyklara mahsus ýokary derejesiniň hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki döwletiň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow