Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 29.06.2023
2732

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Şanly waka — Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk, bolelinlik dileýärin.

Meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy we dostluk hem-de hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Iordan Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

ABDULLA II,
Iordan Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Şanly waka — Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk, bolelinlik dileýärin.

Meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy, dostluk hem-de hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Şanly waka — Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk, bolelinlik dileýärin.

Meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy, dostluk hem-de hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, 
Prezidentiň işleri boýunça ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we nurana Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Tutuş dünýäniň musulmanlarynyň iň sarpalaýan we söýýän baýramlarynyň biri bolmak bilen, Gurban baýramy hoşniýetlilige, adalatlylyga, rehim-şepagatlylyga, hemmelere aýawly we mähirli garamaga çagyrýar. Häzirki wagtda hem yslamyň hakyky gymmatlyklarynyň musulmanlaryň ruhy durmuşynyň esasy bolup hyzmat edýändigi, adamlary birleşdirmäge, dürli halklaryň wekilleriniň, ynanç-ygtykatlaryň we çuňňur taryhy köklere eýe bolan medeniýetleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermäge ýardam edýändigi möhümdir.

Şu baýramda, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size we Türkmenistanyň ähli halkyna bagt, berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Tatarystanyň doganlyk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryny şanly waka — täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bilen gutlaýaryn.

Bu şäher ajaýyp künjekde ýerleşýär hem-de ekologiýanyň, durmuş düzüminiň we binagärligiň iň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edilipdir. Bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar amatly şertlerde ýaşarlar, zähmet çekerler, öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirerler.

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna täze şäherde hemişe eşretli durmuşda ýaşamagy arzuw edýärin. Goý, ýaş şäher össün we gül açsyn, ilatyň çäksiz hoşallygy hem-de söýgüsi hemişe onuň hemrasy bolsun!

Hormatlamak bilen,

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — yslam dünýäsi”
strategik garaýyş toparynyň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlaýaryn. Bu şanly waka ýurduňyzyň ykdysady we ylmy-tehnologik taýdan deňsiz-taýsyz ösüşiniň, türkmen halkynyň zähmetsöýerliginiň, zehininiň hakyky nyşany hökmünde Türkmenistanyň taryhynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.

Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz Türkmenistan innowasiýalara, örän çylşyrymly tehnologik çözgütlere hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan ägirt iri taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny tutuş dünýä görkezdi. Siziň döwlet Baştutany hökmünde bu ugra aýratyn üns berýändigiňizi bilýärin we ýetilen sepgitlere haýran galýandygymy beýan edýärin.

Arkadag şäheriniň häzirki zaman şähergurluşygynyň dünýä derejesindäki nusgasy hökmünde binagärligiň göwherine, şäher ulgamynyň ösdürilmegine innowasion çemeleşmäniň iň ýokary mysalyna öwrüljekdigini doly ynam bilen aýdyp bolar. Täze şäheriň eýýäm abraýly halkara düzümleriň güwänamalaryna mynasyp bolmagy hem muny tassyklaýar. Arkadag şäheriniň röwşen geljegine, Türkmenistanyň bähbidine okgunly ösjekdigine ynanýaryn.

Ynsan zehininiň täsin binagärlik eseri bolan bu şäheriň meniň Watanymda — ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine ynamly öňe barýan ýurtda, gülleýän Türkmenistanda gurlandygyna buýsanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk hem-de türkmen döwletiniň Baştutanynyň jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Oleg KONONENKO,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,
instruktor, synagçy-kosmonawt, 
“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar 
toparynyň serkerdesi.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow