Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 30.06.2023
1988

Onuň Alyhezreti,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu mübärek baýramyň adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini arzuw edýärin. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Başlyk!

Türkmenistana amala aşyran resmi saparymyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri bolan ýurduňyza baryp görendigime örän şatdyryn.

Medeni-taryhy köklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Wengriýa ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyr.

Size berk jan saglyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Wiktor Orban,

Wengriýanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan 

Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tatarystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan şanly waka — Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Arkadag şäheriniň bina edilen ýeriniň logistik nukdaýnazardan saýlanyp alynmagy, ajaýyp künjekde ýerleşmegi we onda iň häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy, “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulmagy, şeýle hem oňa döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesiniň berilmegi täze şäheriň okgunly ösüşini üpjün eder. Bu şäheriň gysga wagtyň içinde, Siziň ýurduňyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat ýaly, görenleri haýran galdyrjakdygyna ynanýaryn.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Size we Siziň ýakynlaryňyza hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýürekden iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany, “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow