Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Arkadag şäherindäki opera sazlarynyň konserti
Medeniýet
Arkadag şäherindäki opera sazlarynyň konserti
Çap edildi 30.06.2023
3221

Türkmenistanda döwlet ähmiýetli ilkinji Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň çäklerinde opera sazlarynyň konserti boldy.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu çäre bir gün öňýany açylan Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi.

Konserte Türkmenistanyň opera ussatlary bilen birlikde türki döwletleriň opera aýdymçylarynyň hem gatnaşmagy oňa aýratyn ähmiýet berdi.

Olaryň çykyşlaryna Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestri sazandarlyk etdi. Konsertden soň diňleýjiler, guramaçylar we artistleriň özleri-de ähli çykyşlaryň ajaýyp sazlaşygyny we utgaşygyny bellediler.

Bu konsert hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan halkara medeni diplomatiýasynyň, şol sanda türki dilli halklaryň umumy adamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan baý mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we ýaýratmagy maksat edinýän TÜRKSOÝ bilen gepleşikleriň ösdürilmegi boýunça-da üstünliginiň ýene bir subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
top-arrow