Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 02.07.2023
1909

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siz köp ýyllaryň dowamynda Watanyňyza hyzmat edip gelýärsiňiz. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara abraýyny yzygiderli pugtalandyrýar.

Rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine, şeýle hem Merkezi Aziýada howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine doly derejede laýyk gelýändigine berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

“Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň adyndan we hut öz adymdan doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, ruhubelentlik arzuw edýärin.

Size we Siziň ýakynlaryňyza parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,

Radik BATYRŞIN,
“Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky tüýs ýürekden ynandyrmalarymy we doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, köpugurly işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Ykdysady taýdan ösen döwleti kemala getirmäge hem-de türkmen halkynyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen işiňiz diňe bir öz ýurduňyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden has alyslarda-da Size uly abraý getirdi. Täze Arkadag şäheriniň açylmagy Siziň Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan tutanýerli işiňiziň aýdyň mysalydyr. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady we tehnologik ösüşde ýeten belent sepgitlerini dünýä äşgär edýär.

Astrahan oblasty bilen Türkmenistany baglanyşdyrýan köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi ýene-de bir gezek gutlamaga we Size rowaçlyk, abadançylyk, ähli asylly başlangyçlaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw etmäge rugsat ediň!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ähli peterburglylaryň adyndan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň köpýyllyk netijeli işiňiz mähriban topraga jan aýaman hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde, häzirki günde Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Pursatdan peýdalanyp, Sizi abadançylygyň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açan täze “akylly” Arkadag şäheriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli gutlaýaryn.

Häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň Hökümeti Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalary taýýarlamak boýunça iş alyp barýar. Bu resminamalaryň doganlyk gatnaşyklaryň berk binýadyny goýjakdygyna, biziň şäherimiz bilen doganlyk Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we öňden gelýän dostlugy pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin.

Aleksandr BEGLOW,
Sankt-Peterburgyň gubernatory.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow