Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 05.07.2023
2311

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy iberýärin.

Köpugurly işiňiz bilen, Siz häzirki Türkmenistanyň döwletliligini, onuň sebitdäki ornuny pugtalandyrýarsyňyz.

Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen işlerde Size häzir hem uly orun degişlidir.

Size berk jan saglyk we ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Armen SARKISÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň
ozalky Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Kärdeşler arkalaşyklarynyň ählumumy Konfederasiýasynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurduňyzyň ýeten belent sepgitleri türkmen halkynyň döredijilikli zähmetiniň hem-de tebigy baýlyklaryň rejeli özleşdirilmeginiň, önümçilik we ylmy kuwwatyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň netijesidir.

Mümkinçilikden peýdalanyp, kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketine berýän goldawyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Andreý BELÝANINOW,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ählumumy konfederasiýasynyň
Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siz görnükli döwlet işgäri, parasatly, öňdengörüjilikli, maksada okgunly, jogapkärçilikli, tutanýerli syýasatçy we ýolbaşçy hökmünde diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, onuň çäklerinden has alyslarda hem uly hormata eýesiňiz.

Russiýada Siziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyňyza ýokary baha berýärler. Bu gatnaşyklar häzirki günde ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Siziň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň tagallalaryňyz netijesinde, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar örän ýokary derejä — strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde ýurduňyzy mundan beýläk-de ösdürmek, özara bähbitli rus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek, sebitde we dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak üçin geljekde hem uly işleri etjekdigiňize berk ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, üstünlikler, dostlukly türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak we iň gowy arzuwlar bilen,

Igor SEÇIN,
Russiýa Federasiýasynyň
Prezidentiniň ýanyndaky pudaklaýyn toparyň jogapkär sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Birek-birege hormat goýmak, rehimdarlyk, dostluk we raýdaşlyk ýaly häsiýetleriň ähmiýetini artdyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Bu mübärek günlerde Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk dileg edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Tanzila NARBAÝEWA,
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sankt-Peterburgyň hökümetiniň adyndan Sizi Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Bu mukaddes baýram ýokary ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyryp, adamlaryň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine, pederleriň däplerine eýermegine ýardam berýär, birek-birege goldaw bermekde, ýagşy işleri amala aşyrmakda musulmanlary birleşdirýär.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Sizi Newa derýasynyň boýundaky şäherde görmäge hemişe şatdyryn.

Aleksandr BEGLOW,
Sankt-Peterburgyň gubernatory.

Soňky habarlar
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
top-arrow