Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň haty
Syýasy habarlar
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň haty
Çap edildi 30.08.2023
1239

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ozaly bilen, şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda saparda bolanymda maňa bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk sebitimiziň möhüm meselelerini açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Özara ynama esaslanýan syýasy dialogyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berip, uly şatlyk bilen, Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrýaryn.

Öňde boljak duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de biziň umumy öýümiz — Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Duşenbede boljak duşuşygymyza uly şatlyk bilen garaşýaryn.

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow