Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 06.09.2023
2361

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hanym Sara Meri Uolş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan, durnukly ykdysady ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar we taslamalar barada gürrüň berildi. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça onuň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy. Şol gatnaşyklar iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze Zelandiýanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, men hanym Sara Meri Uolşy Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim. Hanym Uolşuň ýokary şahsy häsiýetleri hem-de hünär derejesi onuň özüne ynanylan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdigine we Siziň makullamagyňyza, hormatyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ilçini hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de onuň Täze Zelandiýanyň adyndan ähli aýdanlaryna, esasan-da, meniň Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy we Size, Siziň ýurduňyza belent hormat goýýandygym baradaky sözlerimi ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Sindi KIRO,

Täze Zelandiýanyň General-gubernatory.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow