Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistana iş sapary başlandy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistana iş sapary başlandy
Çap edildi 14.09.2023
1286

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen berk dostluk, medeni umumylyk, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli strategiýa halkara bileleşiginiň ählumumy goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy.

Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli we sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow