Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi teklip etdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi teklip etdi
Çap edildi 15.09.2023
1220

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.

«Şunuň bilen baglylykda, biz, Gaznanyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen hem-de halkara hukugynyň  binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologiýa gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynanýarys. Şunda bu Gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärleri bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr.

«Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatynda ileri tutulýan ugurlarynyň halkara derejesinde degişli orun eýelemelidigine ynanýaryn. Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatlarymyzyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljekki on ýyllyklarda öňde durýan ykdysady we durmuş  wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidir» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow